Loading...
Bellenenler
Sogan
Ylmy ady:
Allium cepa
Kategoriýa:
Gök bakja ekinler
Maşgala:
Soganlar
Sortlar:
Sulov F1, Hamlet F1, Naz F1, NazX F1, Cabalerro F1, Gulmar F1, SV4774NW F1, SV6646NW F1, SWALE F1, LA PALMA F1, Puerto F1, Centro F1;Bereket F1

Gysgaça maglumat:
Sogan soganlar maşgalasyn adegişli 2 ýyllyk ekindir. Birinji ýyly düýp emele getirýär, 2-nji ýyly tohum emele getirýär.Onuň düýbi we ýapraklary iýmitlik üçin ulanylýar

Ýeňil –toýunsow topraklary halaýar.Ph-6-6,5

Ýaňy ösüp başlanda 12,8ºC;baş emele getirip başlanda 2 ºC, başyň ulalmagy üçin 24-27 ºC gerek.-8-10 ºC-a çydamlydyr. Günüň uzaklygy 10-15 sagat bolmaly

Çyglylyga talaby aralykdyr . Sogan ekilende tä köwlenýänçä 16-18 gezek suwarylýar.Ösüş döwründe 7-10 günden , düýbi emele getirip başlandan soň 4-5 gün aralygy bilen suwarylýar

30-40 t/ga ýanan ders;40-60 tonna hasyl üçin berilmeli mukdar:

Azot

150 kg/ga (arassa madda)

Fosfor

100 kg/ga (arassa madda)

kaliý

150kg/ga (arassa madda)

Fosforyň hemmesi we kaliýniň 1/3 bölegi sürümiň aşagyna , galan azot bilen kaliňniň ýarysy ekimden 1 aç soňra, galany bolsa düýp emele getirende berilmeli;

70 sm çoýalar çekilmeli , gerşiň üstünde 3-4 sm-den hatar edilip ekilýär

Ýazlyk

01.02-05.03-G.O-etraplar

25.02-15.03-D,g-ertaplar

Güýzlik

15.10-15.11-G.O-etraplar

15.09-01.10- D,g-ertaplar

Tohumyndan-gektara 7-8 kg tohum gerek

hasyl ýygnaklmazyndan 1-1,5 aý öň suw kesilýär.Sogan bişip başlanda onuň ýapraklary gurap başlaýar.Şondan soň ol ýygylýar weguraýança  5-10 gün günüň aşagynda goýulýar

Döwrebap ammarlarda: Sortuna baglylykda :

Temperatura: 0-2ºC;

Saklanyş möhleti:10 aý;